icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

03 noýabr 2017

1070

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary

2017-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna geldi. Duşenbäniň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzode we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

 Duşenbäniň Halkara howa menzilinden Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar döwründe berilen rezidensiýa ugrady. Soňra Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni “Kasri Millat” köşgüne geldi. Ol ýerde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon doganlarça mähirli garşylady.

Bu ýerde, meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasy boldy. Prezident Emomali Rahmon dabaranyň soňunda  Türkmenistanyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy “Kasri Millat” köşgüne çagyrdy, şol ýerde ýokary derejede ikiçäk türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi.

Özara ynanyşmak we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, häzirki ýagdaýy hem-de geljegi nazara almak bilen onuň esasy ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň we Täjigistanyň Baştutanlarynyň arasyndaky ikiçäk gepleşikler gutarandan soňra, iki tarapyň hem resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda gepleşikler giňeldilen düzümde dowam edildi.

Milli Liderimiz dünýä giňişliginde özara gatnaşyklar meselesine degip geçmek bilen, taraplaryň mundan beýläk-de iri halkara guramalarynyň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, sebit birleşikleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy, öz hereketlerini utgaşdyrmagy ugur edinýändigini belledi. Türkmenistan bilen Täjigistan bu guramalara gatnaşyjylar bolup durýarlar. Munuň özi asylly däbe öwrüldi hem-de iki ýurduň häzirki döwrüň ählumumy ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça, hususan-da, parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly energetika, ulag, ekologiýa hem-de howanyň üýtgemegi ýaly ulgamlarda çemeleşmeleriň ýakyndygyny görkezýär.

Taraplar Owganystandaky ýagdaýy gepleşikleriň aýratyn meselesi hökmünde görkezip, goňşy ýurtdaky ýagdaýy diňe parahatçylykly, syýasy serişdeler, bu ýurduň ähli jogapkär hem-de oňyn güýçleriniň gatnaşmagynda giň umumymilli gepleşikler esasynda kadalaşdyrylmalydygyny wagtyň görkezendigini bellediler. Biz Owganystanyň hökümetine işjeň halkara goldawynyň berilmeginiň, bu ýurduň sebit we halkara ykdysady gatnaşyklaryna netijeli goşulyşmagyna, hususan-da, energetika we ulag ulgamlary ýaly möhüm ugurlarda ýardam berilmeginiň tarapdary hökmünde çykyş edýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Ýygnananlaryň el çarpyşmasy astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Bilelikdäki Beýannama hem-de Türkmenistan bilen TäjigistanRespublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekdiler.

Şeýle hem raýat goranyşy, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda, harytlar eksport we import edilende, işler we hyzmatlar ýerine ýetirilende goşmaça salgytlary salmagyň ýörelgeleri hakynda, uzak möhletli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda, bilim baradaky resminamalary özara ykrar etmek hakynda, oba hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda, medeniýet we sungat babatda hyzmatdaşlyk etmegiň 2018-2020-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Maksatnamasyna; Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binasyny (binalar toplumyny) gurmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga üýtgetmeler girizmek hakynda Teswirnama gol çekildi.

Lebap welaýatynyň (Türkmenistan) häkimligi bilen Hatlon oblastynyň (Täjigistan Respublikasy) Döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga, Aşgabat we Duşenbe şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak baradaky Ylalaşyga şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Täjigistan Respublikasynyň Maýa goýumlary we döwlet emlägini dolandyrmak baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky “Täjikinwest” Döwlet unitar kärhanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, Täjigistanyň Türkmenistanyň örän möhüm hyzmatdaşydygyny belledi. Bu dostlukly ýurt bilen biz gatnaşyklarymyzy uzak geljege nazarlaýarys. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barha ösýär we okgunly häsiýete eýedir. Deňhukuklylyk, özara hormat, açyklyk we ynam, iki doganlyk halkyň we döwletleriň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigine özara düşünişmek biziň gatnaşyklarymyzyň tapawutly aýratynlyklarydyr.

Günüň ikinji ýarymynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Hökümet kabulhanasynyň meýdançasynda guralan oba hojalyk önümleriniň sergisi hem-de milli tagamlary bilen tanyşdylar. Sergide miweleriň, gök we bakja önümleriniň dürli görnüşleri görkezildi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz täjik halkynyň milli Gahrymany Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül dessesini goýup, ajaýyp döwlet işgäri hem-de hökümdaryň — Samanidler Döwletini esaslandyryjynyň hakydasyny hatyralady.

 Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Milli muzeýine baryp gördi.

Agşam belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti agşamlyk naharyny berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi