icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 noýabr 2017

813

Aşgabatda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň mejlisi geçirildi

2017-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň binasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň wekiliýeti paýtagtymyza geldi.

Mejlisde özara ynanyşmak we bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi nygtaldy.

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, nebiti we gazy gazyp alýan we nebithimiýa senagatynyň kärhanalarynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagy we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy, döwrebap gazy gaýtadan işleýji toplumlaryň, şol sanda benzin, dizel ýangyjy hem-de uçarlaryň kerosinini, polietileni we polipropileni hem-de beýleki gazhimiýa önümlerini çykarmak boýunça toplumlarynyň gurluşyklarynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu babatda, serişde tygşytlaýjy öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasion ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň iş ýüzünde giňden ornaşdyrylýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň açyklygy, baý tebigy serişdeler, ýurtda döredilen oňaýly maýa goýum ýagdaýy – bularyň hemmesi ähli pudaklarda, şol sanda nebitgaz ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly mümkinçilikler döredýär.

Mejlisiň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi