icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 aprel 2018

670

Daşary işler ministrliginde Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk boldy

2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministri R.Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Global Kontrterroristik strategiýasyny amala aşyrmak boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikdäki iş meýilnamasynyň amala aşyrlyşy bilen tanyşdyrylyşyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen  Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýeržan Aşikbaýew bilen duşuşygy boldy.    

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn we köptaralaýyn ölçeglerdäki gatnaşyklaryň ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Biziň döwletlerimiziň halkara guramalarynyň ilki bilen hem Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde gatnaşyklary köptaraplaýyn ölçegdäki peýdaly we netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýar diýlip bellenilip geçildi. 

Sebit we sebitara howupsyzlygyň meseleleri barada aýdylanda taraplar Türkmenistan we Gazagystan terrorçylyk, sebitde ekstremistik ýörelgeleri ýaýratmaga synanşyk, neşeleriň bikanun dolanşygy we beýleki kanuna garşy hereketler bilen meşgul bolýan jenaýatçylykly toparlar bilen bagly halkara jemgyýetçiliginiň umumy howplaryny paýlaşýalar diýip belläp geçdiler. Şu jähtden taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ölçegde bu çagyryşlara garşy hereket etmek boýunça mundan beýläk hem bilelikdäki işi dowam etmäge taýýardygyny aýan etdiler.

Mundan başga-da, taraplar Aral deňzini halas etmek ýaly Merkezi Aziýada suw meseleleriniň, şeýle hem Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilelikde hereket etmegiň ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi