icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 iýun 2018

803

Türkmenistan bilen Gambiýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2018-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gambiýa Respublikasynyň Daşary işler, halkara hyzmatdaşlyk we daşary ýurtlardaky gambiýalylaryň işleri boýunça ministri Usaini Darbonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk boldy.

Türkmen tarapy Afrika yklymynyň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutlýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, Gambiýa Respublikasy bilen dürli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmekligiň gerekdigi aýdylyp geçildi. BMG we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) ýaly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, taraplar 2019-njy ýylda Gambiýanyň paýtagty Banžul şäherinde YHG-na agza döwletleriniň nobatdaky Sammitini geçirmegiň we onda Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Diňe bir syýasy gatnaşyklaryň däl-de, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň hem ösmegine ýardam berjek iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda berk ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak we saklamak hem-de yzygiderli syýasy geňeşmeleri geçirip durmaklygyň maksadalaýyklygy aýdylyp geçildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi