

2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabatda “Beýik Ýüpek ýoly” köpçülikleýin sport ýaryşlaryna badalga berdi. Ýygnananlaryň arasynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we daşary ýurtly myhmanlar bar.
Ilki bilen Türkmenabat şäheriniň baş köçesi Bitarap Türkmenistan şaýolundan ýeňil atletika ylgaw ýaryşy badalga alýar. Döwlet Baştutanymyz ýoluň birinji bölegini ylgap geçdi. Ylgawçylaryň yzysüre bu ýerden welosipedçiler hem ýaryşa badalga aldylar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti awtoulagda halkara awtorallisiniň badalga beriljek ýerine barýar.
2018-nji ýylyň 9-14-nji sentýabr aralygynda geçiriljek“Amul-Hazar 2018” awtorallisine uly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýaryşyň geçiriljek ugrunyň deslapky çyzgysy taýýarlanyp, ol bäş tapgyra bölündi. Olar Amul-Mary, Mary-Derweze, Derweze-Türkmen köli, Türkmen köli-Ýaňgala, Ýaňgala-Awaza ugurlarydyr.
Bu dabara gatnaşyjylaryň arasynda meşhur “Afrika Eko reýs” awtoralliniň baş direktory we guramaçysy, şeýle hem sport awtomobillerinde ýaryşlar boýunça dünýäniň iki gezek çempiony hem-de Pariž-Dakar rallisiniň iki gezek ýeňijisi Žan-Lui Şlesser hem bar.
Žan-Lui Şlesser ýurdumyzda sportuň, şol sanda awtomobil sportunyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde uly üstünlikler arzuw edip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat berilýän ýaryş ulagynyň açaryny gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz sport awtoulagyny dolandyrmagyň ajaýyp nusgalaryny görkezip, “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisiniň ugry boýunça synag aýlawyny geçirýär.
Şondan soňra IIM we Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasy tarapyndan hödürlenen ýaryş awtoulaglarynyň 6 toparynyň arasynda wagt we tizlik babatynda görkezme ýaryşlar geçirildi.