icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

04 iýul 2018

842

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2018-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabara Türki dilli halklaryň medeniýet we sungat guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Düsenbaý Kaseinowyň baştutanlygyndaky wekiliýeti, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.

TÜRKSOÝ guramasynyň Baş sekretary Düsenbaý Kaseinow dabaranyň açylyşynda eden çykyşynda: «Türkmenistanyň Prezidenti ykdysadyýet, durmuş, medeniýet, sungat we beýleki ugurlara degişli öran gymmatly eserleri bize sowgat etdi. Olaryň biri-de «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitapdyr. Onuň taryhy, medeni-durmuş we ruhy aýratynlygyny göz öňünde tutup, bu kitaby türk diline terjime etmegi we türk okyjylaryna ýetirmegi makul gördük» diýmek bilen, hormatly Prezidentimiziň kitapda Beýik Ýüpek ýoluna örän möhüm taryhy we medeni hadysa hökmünde baha berýändigi, onuň uly ähmiýetini Türkmenistanyň mysalynda açyp görkezýändigi barada öz pikirini giňişleýin beýan etdi.

Şeýle-de maslahatda myhmanlardan Türkiýe Respublikasynyň Gazi uniwersitetiniň mugallymlary hem çykyş etdiler. Olar hem öz gezeginde bu möhüm kitapda onlarça ýurdy söwda, maglumat we medeni gatnaşyklar arkaly baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetiniň, türkmen halkynyň taryhy we medeni baýlyklary, ýurdumyzyň şu güni we geljegi nukdaýnazaryndan açylyp görkezilýändigini aýdyp, munuň TÜRKSOÝ guramasy üçin hem möhümdigini bellediler. Çünki bu kitap şol bir wagtda türki halklaryň medeniýet we sungat guramasy bolan TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň arasynda bar bolan köpasyrlyk söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary hem açyp görkezýär. Beýik Ýüpek ýoly halklaryň arasynda birleşdiriji halka bolmak bilen, olaryň taryhynyň we medeniýetiniň baýlaşmagyna ýardam edipdir. Hut şu ugurdaky pikirler dabaranyň içinden eriş-agaç bolup geçdi.

Dabaranyň soňunda oňa gatnaşyjylar şeýle ajaýyp kitaby peşgeş beren hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýtdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi