icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

31 oktýabr 2018

875

Aşgabatda Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri açyldy

2018-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Aşgabatda Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň we olaryň çäginde dostlukly döwletiň maddy däl medeni mirasyna bagyşlanan fotosergisiniň resmi açylyş dabarasy boldy. 

Medeniýet günleriniň we fotoserginiň resmi açylyş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirildi we oňa ýurduň döredijilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdy.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Kolinda Grabar-Kitarowiçe iki ýurduň düşünişmäge, ynsanperwer gepleşigi giňeltmäge ýardam edýän parahatçylyksöýüjilik syýasaty üçin özleriniň minnetdarlygyny bildirdiler.

Zagreb şäherinde ýerleşýän Etnografik muzeýi tarapyndan gurnalan fotosergi dostlukly döwletiň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy Sanawyna girizilen dürli etraplarynyň özboluşly däp-dessurlaryny açyp görkezýär.

30-njy oktýabrda Horwatiýa Respublikasynyň resmi wekiliýeti Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde kabul ediler. Bu duşuşykda myhmanlara Türkmen döwletiniň mirasy gorap saklamak we wagyz etmek işinde, medeni-ynsanperwer ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk ugrundaky syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berler.

Medeniýet günleriniň çäklerinde “Aşgabat” kinoteatrynda horwat kinematografiýaçylarynyň işleri görkeziler, Mukamlar Köşgünde bolsa Horwatiýaly pianoçylarynyň konserti bolar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi