icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

17 oktýabr 2019

628

Türkmen parlamentariýleriniň Hytaýa sapary

2019-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda HHR-na iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti HHR-yň HKP-nyň MK-niň Syýasy edarasynyň Hemişelik Komitetiniň agzasy, Halk Wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň Hemişelik Komitetiniň Başlygy Li Çžanşu bilen duşuşyk geçirdi. 

Hytaý parlamentiniň başlygy türkmen wekiliýetini mähirli garşylady we Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň arasyndaky parlamenatara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna we ösdürilmegine ynam bildirdi.

Taraplar iki döwletiň baştutanlarynyň dostlukly hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändiklerini nygtadylar. Hytaý we Türkmenistan ýakyn hem-de dostlukly döwlet bolmak bilen, şol bir wagtyň özünde ygtybarly strategiki hyzmatdaşlar bolup durýandyrlar.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar iki döwletiň hökümetara, parlamentara we partiýalarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň üstünde hem durup geçdiler. Gepleşikleriň barşynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, energetika, senagat desgalarynyň gurluşygy ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, aragatnaşyk, ulag-logistika we ykdysadyýetiň beýleki möhüm ugurlaryndaky özarahereketleriň ösdürilmeginiň, kanunçykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň meselelerine aýratyn üns berdiler. 

Şeýle hem saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti HHR-yň Halk Wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagyna bäryp gördi we onuň işi hem-de institutlary bilen ýakyndan tanyş boldy.

Türkmenistanyň parlamentariýleriniň Hytaýa sapary dowam edýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi