icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 dekabr 2019

717

Çaganyň irki ösüşi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynyň amala aşyrylmagy babatda işlenip düzüljek indiki ädimlere bagyşlanan duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasynyň amala aşyrylmagy babatda işlenip düzüljek indiki ädimlere bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen Hökümetiň giňeldilen mejlisiniň barşynda Milletiň Lideri degişli Karara gol çekdi.

Duşuşygyň işine Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de çärä BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Ý.Panowa, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaçysy K.Weýgand hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork ş.), BMG-niň Ženewa we Wena bölümleriniň ýanyndaky Hemişelik wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň umumy maksady Çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasyndan gelip çykýan çäreleri durmuşa geçirmek boýunça indiki ädimleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew öz çykyşynyň dowamynda bu strategiýanyň “Çaganyň irki ösüşi” bilen bagly meseleler boýunça ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň hökümetiniň eýýäm 2005-nji ýylda başlan bilelikdäki işiniň logiki dowamy bolýandygyny belledi. Şol ýyl Hökümet ulgamlaýyn esasda bu wajyp meselä çaganyň irki ösüşi we çagany mekdebe taýýarlamak boýunça Milli maksatnamany işläp düzmek ýoly arkaly çemeleşdi. Dürli tapgyrlarda ÝUNISEF bilen bilelikde çaganyň başlangyç bilimi we ösüşi boýunça milli standartlary işlenip düzüldi. Duşuşyga gatnaşyjylar döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklary kämilleşdirmek barada pikir alyşdylar.        

Bu günki gün ýurduň häzirki kanunçylygy halkara hukuk kadalaryna dolulygyna laýyk gelýär. Halkara jemgyýetçiligi çaganyň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy babatda alnyp barylýan türkmen syýasatyna ýokary baha berýär. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi