Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasyna sapary

2020-nji ýylyň 17-18-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Tatarstan Respublikasynda boldy. 

Saparyň barşynda Tatarstanyň Prezidenti R.N.Minnihanow bilen gepleşikler geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem giňeldilmegi, şol sanda gurluşyk we senagat ulgamlarynda özarahereketleriň işjeňleşdirilmegi boýunça pikir alyşdylar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we RF-niň Tatarstan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky oňyn gatnaşyklaryň, şeýle-de köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegine bildirilýän ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň netijesinde Türkmenistanyň we Tatarstanyň arasynda özarabähbitli we önjeýli hyzmatdaşlygyň giň toplumyny öz içine alýan netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Tatarstan özarahereketleriň ähli ugurlary boýunça, şol sanda ykdysadyýet we senagat ösüşi ulgamynda Türkmenistan üçin ygtybarly hyzmatdaş bolup durýandyr.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň, şeýle-de Tatarstan Respublikasynyň ministrlikleriniň we iri kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda tegelek stol geçirildi. Soňra türkmen wekiliýeti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Tatarstan Respublikasynyň iri senagat we ylmy-önümçilik kärhanalaryna baryp gördüler.

Tatarstanyň degişli ministrlikleriniň we öňdebaryjy gurluşyk-senagat kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň derwaýys ugurlary, ilkinji nobatda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, senagatyň kämilleşdirilmeginiň we ykdysadyýetiň sanlaşdyrylmagynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň Tatarstan Respublikasyna saparynyň netijeleri boýunça Tatarstanyň iri ylmy we gurluşyk-senagat kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň giň gerimli ugurlaryny öz içine alýan birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.