«Raýatsyzlygy azaltmak boýunça Türkmenistanyň oňyn tejribesi» atly halkara duşuşygy

Şu gün 2017-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Raýatsyzlygy azaltmak boýunça Türkmenistanyň oňyn tejribesi» atly halkara duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň işine Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň sebitleýin ýolbaşçylarynyň weTürkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän Ilçileri we konsullary, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler, raýatsyzlyk meselesiniň halkara gün tertibindäki wajyplygyny we gumanitar, syýasy we sosial-ykdysady çygyrlaryndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyna ähmiýetli täsirini bellediler. Şunlukda Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýörtiteleşdirilen edaralarynyň we institutlarynyň, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdiriýetiniň, Migrasiýa boýunça Halkara Guramasynyň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Gumanizmiň göreldelerine, demokratik ösüşiň ýörelgelerine we häzirki zaman raýat jemgyýetine esaslanyp, Türkmenistan döwlet ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda dürli döwletler we abraýly halkara guramalary bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyny giňeltmeklige we brekitmeklige esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny alyp barýar.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň bellemegine görä, Türkmenistan öz üstüne alan halkara borçlanmalaryna pugta ygrarlylygyny görkezip, migrantlaryň, bosgunlaryň we raýatsyz adamlaryň meselelerini milli we halkara derejelerinde çözmäge işjeň gatnaşýar. Iri halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdşlygy alyp baryp, Türkmenistan BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdiriýetiniň Ýerine ýetitiriji komitetiniň hemişelik agzasy, Migrasiýa boýunça Halkara Guramasynyň agzasy bolup durýar we global halkara ýagdaýlaryna strategik gatnaşyjy hökmünde çykyş edýär. 

Mälim bolşy ýaly Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda raýatsyz adamlaryň 1381 sanysy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Bu bolsa Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişenden ilkinji ynsanperwer herekedi bolup durýar.

Agzalan duşuşykdan soň «Raýatsyzlygy azaltmak boýunça Türkmenistanyň oňyn tejribesi» atly halkara duşuşygyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň baş binasynyň mejlisler otagynda geçiriljek Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasport gowşurmak dabarasyna ugradylar.