icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

29 aprel 2020

774

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we Irlandiýanyň Daşary işler ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Irlandiýanyň Daşary işler we söwda ministri Saýmon Kowniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Ministrler syýasy-diplomatik ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Sebit we halkara gün tertibiniň esasy meselelerine seredilip geçildi, şol sanda pandemiýanyň garşysyna gönükdirilen göreşde ýurtlaryň arasyndaky raýdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Diplomatlar ýokary derejedäki saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň möhüm guraly bolup durýandygyny bellediler. Şeýle-de halkara meýdançalarynda, hususan-da BMG-niň düzüm birliklerindäki işlerde iki ýurduň başlangyçlarynyň özara goldanylmagynyň meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Öz nobatyndaky duşuşyklaryň, hususan-da syýasy geňeşmeleriň öz wagtynda geçirilmeginiň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikirleriň alyşylmagyna oňyn mümkinçilik berýändigi hem aýratyn bellenilip geçildi. 

Dünýädäki ykdysady ýagdaýlar barada gürrüň etmek bilen, taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Şeýle-de ylym we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy hem bellenilip geçildi.  

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi