icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

17 mart 2021

1094

Aşgabatda BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça 2021 (COP26) maslahatyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2021-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen bilelikde paýtagtyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça 2021 (COP26) maslahatyna tarap: Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça tagallalary we öňde goýlan wezipeleri» atly tegelek stolyň başyndaky duşuşyk geçirildi .

Göni we sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Beýik Britaniýanyň Hökümetiniň, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri, ösüş boýunça hyzmatdaşlar we donorlar  gatnaşdylar.

2021-nji ýylyň noýabrynda Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde geçiriljek BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça 2021 (cop26) maslahatyna bagyşlanan bu tegelek stol duşuşygy ýyladyşhana gazlarynyň (ÝG) zyňyndylaryny azaltmak we az uglerodly hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek meselesinde bilermenler derejesinde halkara hyzmatdaşlygy üçin täze pikirleri we ugurlary döretmek maksatly özboluşly meýdança boldy.

Duşuşygyň dowamynda şeýle-de Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrundaky tagallalary we ýurtda alnyp barylýan işleri, şeýle hem gelejek üçin meýilnamalary şöhlelendirýän global howa ylalaşyklary boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlylygy giňişleýin beýan edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi