icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

13 oktýabr 2021

1011

Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2021-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Said bin Osman Ahmed Suweýd bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda saud diplomaty Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysyna özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Duşuşygyň başynda R.Meredow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärçilikli wezipä belenilmegi bilen gutlap, özara bähbitli türkmen-saud gatnaşyklarynyň ösüşinde üstünlikler arzuw etdi.

Syýasy-diplomatik we ykdysady ulgamlardaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligini belläp, diplomatlar ýola goýlan giň gerimli dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi barada nygtap geçdiler.

Şeýle-de duşuşygyň dowamynda iki ýurduň abraýly sebitleýin we halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklarynyň netijeliligi hakynda aýratyn bellenip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy we Saud Arabystanynyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy biri-birine mähirli arzuwlar edip, ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän energetika, ulag, maliýe-bank ulgamlardaky we beýleki ugurlardaky türkmen-saud hyzmatdaşlygyny berkitmeklige gönükdirilen işjeň gatnaşyklaryň dowam edilmegine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi