icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 aprel 2022

1168

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2022-nji ýylyň 13-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda Ýaponiýanyň Hökümetiniň Başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, iň ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Premýer-ministr Fumio Kisida köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, türkmen-ýapon gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini, däp bolan köpýyllyk dostluk, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň aýratyn ähmiýetini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Hökümet Baştutanyny hem-de onuň üsti bilen Ýaponiýanyň ähli dostlukly halkyny şanly sene bilen gutlap, geçen 30 ýylda özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmeginde uly ösüşlere ýetilendigini kanagatlanma bilen belledi.

Bu gün iki ýurduň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, eýsem, halkara düzümleriň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Muňa dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça möhüm başlangyçlaryň hem-de teklipleriň özara goldawa eýe bolýandygy-da şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz we Ýaponiýanyň Hökümetiniň Başlygy ýurtlarymyzyň «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellediler. Olar özara bähbitli gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly mümkinçilik döredýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 23-24-nji aprelinde Kumamoto şäherinde geçiriljek dördünji Aziýa-Ýuwaş umman Suw sammitine gatnaşmaga çakylyk üçin Ýaponiýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda suw serişdeleriniň tygşytly hem-de netijeli peýdalanylmagynyň durnukly ösüşiň esasy kepili bolup durýandygyny nygtady. 

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Fumio Kisida birek-birege berk jan saglyk hem-de uly üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi