icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

13 maý 2022

2956

Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisine gatnaşdy

2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Duşenbe şäherine bolan iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy.

Nobatdaky gepleşikleriň barşynda 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamanyň durmuşa geçirilişiniň depgini ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda XXI asyrda Merkezi Aziýany ösdürmek maksatlaryna laýyklykda, Dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamanyň taslamasy babatynda pikirler alyşyldy. Çünki bu resminama sebitiň gadymdan däp bolan ýakyn gatnaşyklara eýe bolan ýurtlarynyň we halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen bolup durýandyr.

Gün tertibiniň ähli meseleleri boýunça özara kabul ederlik çözgütler kabul edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi