icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

21 oktýabr 2017

7577

“Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” döwrüň we siwilizasiýanyň gepleşigi

2017-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdmuhamedowyň “Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly taze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä Hökümet agzalary, biziň ýurdumyzda akreditirlenen diplomatik gullugynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem jemgyýetçiligiň, köpçülileýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ýurt baştutanynyň taze kitaby bolan “Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” adynyň Ýaşulular Maslahatynda 2018-nji ýylynyň şygary hökmünde saýlanylmagy taryhy tejribä esaslanýan ýaraşdyryjylyk we goňşuçylyk däp-dessury, ruhy mirasy hormatlamagy, sebitde we dünýäde intgrasiýa we ösüşe  ymtylma ýurduň döwrebap ösüşiniň konsepsiýasyny şöhlelendirýär. 

Kitabyň esasy ideýasy Türkmenistanyň taryhy ýolunyň üsti bilen onuň başlangyçlarynyň we döredijiliginiň bitarap halkara arenasyndaky ornuna düşünmek. Beýik Ýüpek ýolunyň aýratynlygynda Günbataryň we Gündogaryň arasynda ykdysady, diplomatik, ylmy we medeni gatnaşyklarynyň ösmeginde esasy wezipesini seljermegimiz, Türkmenistanyň geosyýasy ýerleşişiniň  döwrebap ýagdaýyň integrasiýasyny delillendirýär.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa Prezident Gurbanguly Berdmuhamedowyň täze kitabynyň üç dilde neşir edilmeginiň ähmiýetini belläp, giň okyjylar köpçüliginiň, şeýle hem daşary ýurt okyjylarynyň ýurtda bolup geçýän demokratik we durmuş-ykdysady özgertmelere, şeýle-de ýurt baştutanynyň halkara başlangyçlaryna düşünmeginie ýardam berýär diýip aýtdy.

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýasynyň jogapkär sekretary Guwandyk Poladow täze neşirde Beýik Ýüpek ýolunyň aýratynlygy bolan  ruhy we taryhy-medeni düzümi ýaýradylmagy, esasanam onuň türkmen bölegi we ondaky ýerleşýän beýik ýadygärlikler bolan  Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň Parfiýa galalarynyň  möhümligini belledi.

Beýik Ýüpek ýoly iki sany beýik siwilizasiýanyň – Günbataryň we Gündogaryň arasyndaky gepleşiklerde esasy wezipäni ýerine ýetiripdir. Kerwen ýollary bilen diňe bir haryt däl, eýsem bilim (sowat) ýaýradylyp, medeni, ruhy gymmatlyklar, açyşlar, hojalygy dolandyrmagyň tejribesi we hünär syrlary işjeň alyş - çalyş edilipdir. Şeýle ýol bilen dörän ykdysady diplomatiýa özara düşünişmegi, syýasy razylygy we öňegidişligi gazanmagyň möhüm guraly boldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi