icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

03 aprel 2018

765

Hanoýda ilkinji türkmen-wýetnam syýasy geňeşmeleri geçirildi

2018-nji ýylyň 2-nji aprelinde Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde (Hanoý ş.) iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ilkinji türkmen-wýetnam syýasy geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmeleriň barşynda wýetnam wekiliýetine ýurduň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Buý Than Şon baştutanlyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljekki ugurlary seljerildi. Taraplar türkmen-wýetnam hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ilerletmäge ýardam edýän möhüm gurallaryň biri bolan syýasy geňeşmeleriň wagtly-wagtynda geçirilmeginiň zerurlygyny kanagatlanma bilen bellediler. Özara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde halkara guramalarynyň çäklerinde, esasan hem BMG we ASEAN ýaly guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek görkezildi.

 Özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklary giňeltmeklige ygrarlydygyny tassyklap, taraplar  iki ýurduň we halklaryň arasynda hemmetaraplaýyn we özara bähbitli dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge itergi berjek ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýetini bellediler.

Söwda-ykdysady ulgamynda taraplar bu ugurdaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak, eksport-import amallarynyň köpeldilmegine we hyzmatlaryň hem-de harytlaryň sanawynyň giňeldilmegine gönükdirilen çäreler toplumynyň kabul edilmeginiň hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 Mundan başga-da, geňeşmeleriň barşynda taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar Türkmenistanyň Wýetnamdaky Medeniýet günlerini, we Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi