icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 iýun 2018

782

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welotrek ýaryşyny geçirdi

2018-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Gruziýanyň Milli welosiped federasiýasy bilen bilelikde Tbilisi şäheriniň olimpik sport merkezinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welotrek ýaryşyny geçirdi.

Agzalan welotrek ýaryşyna, daşary ýurtlaryň Gruziýadaky diplomatlary, Gruziýanyň welosiped ýaryşy boýunça tanymal türgenleri, tälimçileri, kiçi ýaşly welosipedçiler we Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Welotrek çäresiniň başynda çykyş edenler, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan edildi.

Häzirki döwürde Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge örän uly üns berilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ajaýyp pähimden ugur alyp, türkmenistanlylaryň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, Garaşsyz Türkmenistanyň dünýädäki sport abraýyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýär.

Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmäge hem uly üns berilýär. Türkmenistanda her ýyl köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. 2018-nji ýylyň başynda bolsa Türkmenistanda «Amul — Hazar 2018» atly welosiped ýaryşyna hem badalga berildi.

Geçirilýän bu çäreler diňe bir Türkmenistanda däl eýsem bütin dünýäde sporty ösdürmek bilen birlikde, adamlaryň sporta höwesini has-da artdyrýar, olaryň saglygyny berkitmekde, sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde örän uly ähmiýete eýe bolýar diýip giňişleýin bellenildi.

Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welotrek ýaryşynyň soňunda, onda ýeňiji bolanlara ýädigärlik sowgatlar gowşuryldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi