icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 iýun 2018

845

Ýurdumyzyň wekiliýeti durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşar

2018-nji ýylyň 28-nji iýunynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde hasabat bilen çykyş edip, BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy foruma taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Bu forum şu ýylyň iýul aýynda Nýu-Ýorkda geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan şu aýda 2019 - 2021-nji ýyllar üçin EKOSOS-nyň agzalygyna saýlanyldy. Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň esasy gulluklary we ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy strategik gatnaşyklar esasynda gurap, häzirki döwürde BMG-niň 9 düzüminiň agzasy bolup durýar we olaryň çäklerinde degişli işleri amala aşyrýar.

EKOSOS-nyň howandarlygyndaky syýasy foruma BMG-niň ulgamynda 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş boýunça gün tertibiniň ýerine ýetirilişini seljermek boýunça möhüm orun berilýär. Şu ýyl forumyň çäklerinde ilaty suw serişdeleri bilen üpjün etmek hem-de suwdan rejeli peýdalanmak, energiýanyň ygtybarly, durnukly we häzirki zaman çeşmelerine elýeterliligini üpjün etmek, ekologiýa, şol sanda çölleşmä garşy göreşmek, bioköpdürlüligi aýawly saklamak ýaly meselelere garalar.

 Mundan başga-da, bu ýokary derejeli duşuşygyň çäklerinde 18-nji iýulda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň tanyşdyrylyşyny hem-de degişli sergini guramak, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek arkaly durnuklylygy pugtalandyrmak meselesine we şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna bagyşlanan çäräniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Syýasy forum BMG-ä agza döwletleriň 193-sini hem-de 50-den gowrak halkara guramany birleşdirer. Şunuň bilen baglylykda, onuň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň hökümet wekiliýetini ugratmak göz öňünde tutulýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi